Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Hökümetiň 28-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşigini yglan etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny giňden wagyz etmek, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak we olary höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşigini geçirmek göz öňünde tutulýar. Bäsleşigi 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda jemlemek we ýeňijileri sylaglamak teklip edilýär.
Wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen halkynyň ruhy medeniýetini düýpli öwrenmek we giňden wagyz etmek boýunça geçirilýän işleriň ähmiýetini belledi.
Döwlet Baştutany geçirilýän bäsleşikleriň ugurlaryny we gerimini giňeltmek, oňa ýaşlary has işjeň çekmek babatda degişli tabşyryklary berdi. Döredijilik bäsleşikleri täze zehinleri ýüze çykarmaga, halypaçylyk ýoluny ösdürmäge, ýaş ýerine ýetirijileriň döredijilik gözleglerini höweslendirmäge, olary halkymyzyň ruhy mirasyna, baý saz medeniýetine çekmegi üpjün etmek babatda zerur mümkinçilikleri döredýär.
Türkmen Lideri bu işiň maksadalaýyk we yzygiderli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmegiň hem-de dünýä jemgyýetçiligini türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeniýeti bilen tanyşdyrmak üçin ähli mümkinçiliklerden giňden peýdalanmagyň wajypdygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutany «Çalsana, bagşy!» bäsleşigini yglan etmek hakyndaky» Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de onuň meýilnamasyny taýýarlamak we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada degişli görkezmeleri berdi.