Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň döredilmegine 30 ýyl boldy

10:3527.01.2022
0
5001

Geçen 30 ýylyň içinde Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady ulgamyna işjeň goşulmagynda Türkmenistanyň daşary ykdysady iş banky özboluşly orna eýe bolup, döwrebap bank işini alyp barmakda, aýratyn-da daşary ýurt kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk esasynda maýa goýum syýasatyny ösdürmekde köp sanly işleri durmuşa geçirdi.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky ýurduň maliýe-bank ulgamynyň häzirki zaman derejede özgermeginde dünýä tejribesine eýerýär. Hususan-da, halkara ykdysady gatnaşyklaryň ugrunda ýurtda durmuşa ornaşdyrylan taslamalary maliýeleşdirmekde bankyň hyzmaty uludyr. Bu ugurda soňky ýyllarda daşary ýurt kompaniýalary bilen karz ylalaşyklarynyň hasabyna giň gerimli taslamalaryň gurluşygynyň alnyp barlandygyny nygtamak bolar.

Bank 1992-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda döredildi. Şondan bäri hem bankyň işjeň hyzmatdaşlarynyň hatarynda dünýäniň öňdebaryjy guramalary, kompaniýalary, 20 ýurduň 50-den gowrak banklary, ätiýaçlandyryş kompaniýalary we beýleki edaralar bar. Garaşsyzlyk ýyllarynda halkara banklary we ösüş gaznalary bilen hyzmatdaşlyk pudagynda Yslam Ösüş banky (YÖB), Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş banky, OPEK gaznasy, şeýle hem Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky, Hytaýyň, Çehiýanyň, ABŞ-nyň, Türkiýäniň, Malaýziýanyň Eksimbanklary, Germaniýadaky “Germes”, Fransiýadaky “KOFASE” we Belgiýadaky “OND” eksport ätiýaçlandyryş kompaniýalary bilen işewürlik, hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy. Bu gatnaşyklar häzir hem netijeli dowam etdirilip, olaryň gerimi barha giňeldilýär.

Bank Garaşsyzlyk ýyllarynda işgärleriniň jebislenen topary bilen alyp barýan netijeli işlerinde bellenen sepgitlere ýetdi we müşderilere ygtybarly hyzmat etmegiň netijesinde olaryň ynamyny gazandy. Şunuň bilen baglylykda, bankyň uly müşderiler binýady onuň durnuklylygynyň we ynamdarlygynyň hakyky görkezijileriniň biridir. Hökümetiň wekili hökmünde ýurduň ykdysadyýetine daşary ýurt maýalaryny çekmek we daşary ýurtdan maliýeleşdirilişe hyzmat etmek wezipesini ýerine ýetirmek bilen bank özünde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň strategik pudaklarynyň öňde baryjy döwlet kärhanalaryndan, dünýä belli daşary ýurt kompaniýalaryndan, ýurdumyzyň üstünlikli işleýän hususy kärhanalaryndan duran korporatiw müşderileriň özenini jemleýär.

Beýik Britaniýanyň abraýly “Financial Times” neşiriniň “The Banker” žurnalynyň Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyny nobatdaky ýokary derejeli baýrak bilen tassyklap, 14-nji gezek Türkmenistanda iň gowy banklaryň hatarynda görkezendigini belläp geçmek gerek.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň