Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjy hökmünde çykyş eder

23:0917.12.2021
0
15029

Türkmenistanyň Prezidenti 17-nji dekabrda Minstrler Kabinetniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de maýa goýum işjeňligini berkitmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Şu ýylyň 9-njy oktýabrynda türkmen wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine bolan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda gol çekilen “Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakyndaky Ylalaşygy iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna “Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjy hökmünde çykyş etmäge ygtyýar bermek baradaky Kararyň taslamasy hödürlenildi. Täze düzümiň öz üstüne ýüklenen borçnamalaryny ýerine ýetirmegi üçin Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan degişli ygtyýarnamanyň kanunçylykda bellenen tertipde berilmegi teklip edilýär.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi düýpli özgertmek we ýurdumyzyň ykdysady ösüşini üpjün etmek maksady bilen, giň möçberli döwlet maýa goýum maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň halkara maýa goýum bazarlarynda ýurdumyzyň bähbidini goraýan Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň alyp barýan işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Bu bank degişli ugurda dürli maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk boýunça oňyn tejribe toplady.

Döwlet Baştutany “Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, milli we sebit ähmiýetli täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin daşary ýurtlaryň iri işewür düzümleriniň hem-de abraýly halkara maliýe edaralarynyň maýa serişdelerini çekmegiň wajypdygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň