Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa — Hytaý görnüşinde ylmy-lukmançylyk birleşiklerini döretmegi teklip edýär

22:1425.01.2022
0
6088

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen sammitde eden çykyşynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň pandemiýa garşy göreşmek boýunça halkara hyzmatdaşlyga umumy kadalardan ugur alyp çemeleşendigini aýratyn belledi.

Gürrüň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň dowamynda koronawirus keseline garşy göreşde ählumumy raýdaşlyk hakynda kabul edilen Rezolýusiýany biziň ýurtlarymyzyň goldandygy barada barýar.

Biziň döwletlerimiz pandemiýa garşy ählumumy göreşde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň öňdebaryjy ornuny tassyklaýar we onuň syýasylaşdyrylmagyna garşy çykyş edýär diýip, milletiň Lideri nygtady we koronawirus ýokanjynyň gelip çykyşyny öwrenmekde dünýäniň ähli ylmy güýjüni birleşdirmegiň zerurdygynyň, bu ählumumy howpa garşy üstünlikli göreşmegiň örän möhüm şertlerinden biri bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Biz Merkezi Aziýa — Hytaý görnüşinde ýurtlarymyzyň ylmy-lukmançylyk birleşikleriniň, epidemiologiýa we sanitariýa gulluklarynyň, beýleki ugurdaş edaralaryň wekilleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklary guramagyň usulyny döretmäge ýakyn wagtda girişeris diýip, döwlet Baştutany aýtdy we ilkinji şeýle duşuşygy şu ýyl geçirmegi teklip etdi.

Koronawirus ýokanjyny doly ýeňip geçmegiň zerur şerti hökmünde sanjym geçirmek barada aýdylanda bolsa, biz hytaý tarapy bilen bu ugurda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynanýarys diýip, milletiň Lideri belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň