Soňky habarlar

Arhiw

«Sport ýyldyzy» Ahal welaýatynyň täze merkezinde «Ahal» monumentini gurar

12:0420.01.2022
0
1553

«Sport ýyldyzy» hususy kärhanasynyň işçileri Ahal welaýtynyň döwrebap edara ediş merkezinde beýikligi 40 metr bolan «Ahal» monumentiniň gurluşygyny alyp barýarlar.

Bu barada hususy kärhananyň ýolbaşçysy Penasapar Ataýew «Türkmenistan» gazetiniň habarçysyna maglumat berdi.

Onuň aýdyşy ýaly, milli binagärlik keşbinde gurulýan döwrebap monumenti suw çüwdürimleri we gök zolaklar bezär.

Mälim bolşy ýaly, 18-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat merkezine aýratyn görk berjek monumentiň gurluşygynyň ýagdaýy bilen tanyşdy hem-de bu ýerde bolmaly desgalaryň häzirki döwrüň ösen talaplaryna, döwrüň belent ruhuna laýyk gelmelidigi barada aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň