Soňky habarlar

Arhiw

Sergeý Lebedewa «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» ýubileý medal gowşuryldy

23:5518.01.2022
1
5283

18-nji ýanwarynda Moskwada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Sergeý Lebedew bilen Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Niýazliýewiň duşuşygy geçirildi. Taraplar Türkmenistanyň GDA bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk ösdürmegiň geljegi ugurlary barada pikir alyşdylar.

Ilçi Batyr Niýazliýew Sergeý Lebedewe Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» ýubileý medalyny gowşurdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.

«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» ýubileý medaly Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini eýe bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli döredildi.

2020-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlaryň raýatlarynyň toparyny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglamak barada Permana gol çekdi.

Belläp geçsek, Halkara Bitaraplyk güni her ýylyň 12-nji dekabrynda bellenilýär. Türkmenistanyň Bitaraplyk güni BMG-niň Baş Assambleýasy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda ýörite Kararnama kabul etdi. 2017-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň