Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow täze doglan taýçanaga Zaman diýip at goýdy

21:1818.01.2022
0
11119
Berdimuhamedow täze doglan taýçanaga Zaman diýip at goýdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün – 18-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Türkmen Lideri welaýata saparynyň çäklerinde atşynas bilen duşuşyp, alyp barýan işleri barada söhbetdeş boldy. Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Prezidentiniň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň seýsi, Türkmenistanyň ussat halypa seýisi Orazmyrat Annalyýew türkmen Liderinden 2022-nji ýylyň ilkinji günlerinde atçylyk toplumynda täze doglan taýçanaga mynasyp at goýup bermegi haýyş etdi.

Hormatly Prezident seýsiň teklibini uly kanagatlanma bilen kabul edip, 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilendigini belläp, täze taýçanaga-da Zaman diýlip at goýulsa ýerlikli boljakdygyny aýtdy. Türkmen Lideri asylly däbine eýerip, Zaman atly taýçanaga käbesi Ogulabat ejäniň ören alajasyny daňdy.

Täze taýçanak Gözbaş we Keýkilhanyň neslinden bolup, meşhur Pereňiň ugruna degişlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň