Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Eýran Azerbaýjana iberilýän gazyň mukdaryny 15 milliard kub metre ýetirmegi meýilleşdirýär

21:3108.01.2022
0
13115

Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy Azerbaýjana Eýranyň üsti bilen iberilýän türkmen gazynyň mukdaryny ýylda 15 milliard kub metre ýetirmegi meýilleşdirýärler.

Energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň beýleki meseleleri bilen birlikde bu çözgüdi hem Türkmenistanyň we Eýranyň wekiliýetleri şu gün Tähran şäherinde ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Trend habarlar agentligi Eýran Yslam Respublikasynyň nebit boýunça ministri Jawad Owjiniň beýanatyna salgylanyp habar berýär.

Owjiniň bellemegine görä, ýakyn günlerde döwletleriň arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek bilen bagly resminamalaryň birnäçesine gol çekiler.

Geçen ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda geçen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gatnaşyjy döwletleriniň 15-nji sammitinde Azerbaýjan, Eýran we Türkmenistan döwletleriniň arasynda gaz ibermek bilen bagly üçtaraplaýyn Ylalaşygyň baglaşylandygyny ýatlap geçmek bolar. Ylalaşygyň şertlerine laýyklykda, Türkmenistandan Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana her ýylda 1,5 milliarddan 2 milliard kub metre çenli gaz ibermek göz öňüne tutuldy.

Şertnama 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan durmuşa geçirilip başlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň