Türkmenistan Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana gaz iberip başlady

16:3106.01.2022
0
18695

Şu ýylyň 1-nji ýanwarynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatda geçirilen 15-nji sammitinde gol çekilen türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana iberilmegi baradaky şertnama güýje girdi. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Nebit ministrliginiň web saýtynda habar berildi.

Ylalaşygyň çäginde her ýyl Türkmenistandan Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana 1,5 milliarddan 2 milliard kub metre çenli gaz iberiler.

Eýranyň Nebit ministrliginiň metbugat gullugynyň habaryna görä, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan arasynda üçtaraplaýyn alyş-çalyş işi başlandy.

Şertnama laýyklykda, Eýranyň üsti bilen akdyrylýan türkmen gazy Azerbaýjanyň bäş welaýatynyň «mawy ýangyç» zerurlyklaryny üpjün edip biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň