Soňky habarlar

Arhiw

«Somon Air» awiakompaniýasynyň uçary ýangyç guýmak üçin Kerkiniň howa menziline gondy

09:0005.01.2022
0
16401

2022-nji ýylyň ýanwarynda Täjigistanyň «Somon Air» awiakompaniýasynyň «Boeing 737-800» kysymly uçary Kerkiniň halkara howa menziline tehniki gonuşy amala aşyrdy. Bu baradaky wideoreportaž «Watan» habarlar gepleşiginde görkezildi.

Ýerdäki hyzmatlar ýerine ýetirilenden we ýangyç guýlandan soň howa gämisi barýan ýurduna tarap uçuşyny dowam etdirdi.

Kerkiniň Halkara howa menzili 2021-nji ýylyň iýunynda ulanylmaga tabşyryldy. Howa duralgasynda sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge mümkinçilik bar. Uçarlaryň duralgasy birbada iki sany orta gabaraly ýa-da bir sany uly gabaraly uçary we dört sany dikuçary kabul edip bilýär. Howa menzilinde hünärmenleriň işlemekleri we ýolagçylara hyzmat etmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Ony «Gündogdy» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary gurdular.

3-nji ýanwarda Kerkiden Aşgabada uçar gatnap başlady. Iki şäheriň arasynda gatnaw hepdede iki gezek amala aşyrylar.

Şu gün Kerkiniň Halkara howa menzilinden Daşoguza hem ilkinji gezek ýolagçy gatnawy amala aşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň