Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň daşary ýurtlarda wekilhanalary açylar

23:4524.12.2021
0
4905

Hökümetiň 24-nji dekabrda geçirilen sanly ulgam arkaly iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň daşary ýurtlarda wekilhanalaryny açmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabatda dünýäniň iri logistiki kompaniýalarynyň dürli ýurtlarda öz wekilhanalaryny we şahamçalaryny döretmekde uly tejribesiniň bardygy, munuň bolsa halkara gatnawlarda ýük dolanyşygyny artdyrmaga, daşary ýurtlarda özara hyzmatdaşlygy utgaşdyrmaga we bazarlary öwrenmäge ýardam edýändigi hem-de bu ugurda degişli teklipleriň taýýarlanylandygy habar berildi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ulag we logistika ýaly geljegi uly ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň dünýä ykdysadyýetiniň ýaýbaňlandyrylan hem-de netijeli halkara ulag düzümini talap edýän ählumumylaşmak şertlerinde ýakynlaşmagyň aýrylmaz şerti hökmünde çykyş edýändigini nygtady. Türkmenistan bu ugurda özara hereket etmek meselelerinde işjeň orny eýeläp, iri düzümleýin taslamalary öňe sürýär hem-de şolary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde durmuşa geçirýär diýip, belläp geçdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ulag ulgamynda ösüşiň häzirki tapgyrynda binýatlaýyn özgertmeleriň geçirilýändigini, hukuk esasynyň döredilýändigini, döwlet dolandyryşynyň hem-de hojalyk işiniň wezipeleriniň bölünendigini nygtap, daşary ýurtlarda wekilhanalary açmak baradaky teklibi makullady we agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Belläp geçsek, 2018-nji ýylda «Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döredilmegi bilen, ulaglaryň ähli görnüşleri arkaly halkara gatnawlarda ýükleri we poçtany daşamak işleri artdyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň