Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Rahat Japarow ― Täjigistanyň iň gowy derwezeçisi

22:5024.12.2021
0
5848

Täze ýylyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň sport jemgyýetçiligine Täjigistandan hoş habar gelip gowuşdy. 2021-nji ýylyň futbol möwsüminiň soňky bäş aýyny dostlukly döwletde geçiren ildeşimiz ― derwezeçi Rahat Japarow Täjigistanyň futbol çempionatynyň şu ýyldaky möwsüminiň «Iň gowy derwezeçisi» diýlip yglan edildi. Şu gün Täjigistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan Duşenbe şäherinde geçirilen dabarada oňa bu adyň degişli baýragy gowşuryldy.

Däp bolşy ýaly, ýurduň Futbol federasiýasy ýylyň ahyrky günlerinde möwsümiň öňdebaryjylaryny sylaglady. Şu gün jemi 13 ugur boýunça iň gowular yglan edilip, olara degişli baýraklar berildi. Şol ugurlaryň biri hem ýylyň iň gowy derwezeçisini saýlamakdyr.

Biziň ildeşimiz bu at üçin «Hujandyň» derwezeçisi Alekseý Matrosow we möwsümde «Istrawşan» futbol toparynyň derwezesini goran Kurbonali Boboýew bilen bilelikde dalaşgär görkezildi. Rahat Japarow iki bäsdeşinden hem has köp ses alyp, Täjigistanyň 2021-nji ýyldaky «Iň gowy derwezeçisi» diýlip yglan edildi.

Ýeri gelende aýtsak, şu ýylyň awgust aýynda Rahat Japarow Täjigistanyň futbol çempionatynda şowsuz çykyş edýän «SSKA-Pamiriň» düzümine goşuldy. Türkmenistanly derwezeçiniň topara aýagy düşdi diýip gypynçsyz aýdyp bileris. Çünki awgust aýyna çenli ýaryş tertibinde iň ahyrky basgançagy eýelän topar möwsümi üçünji orunda ― bürünç medal bilen tamamlady we Kubok ugrundaky ýaryşyň hem finalyna çenli baryp ýetdi. Gazanylan bu üstünlikde duşuşyklaryň tas ählisinde diýen ýaly derwezäni goran ildeşimiziň uly goşandy bardyr. Çünki derwezäniň sak goralmagy beýleki futbolçylary hem ruhlandyrýar.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hem agzasy Rahat Japarow 1996-njy ýylda Mary welaýatynda dünýä indi. 25 ýaşly futbolçy ilki Russiýanyň «Domodedowo» (2014-nji ýyl), «Bados» (2015-nji ýyl), «Nisa» (2015 ― 2016-njy ýyllar), «Kommunar» (2016-njy ýyl), «Aslan Gatagow» (2017-nji ýyl) toparlarynda taplanyp, 2018-nji ýylda Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» futbol toparynyň düzüminde goşuldy. Bir ýyl soňra paýtagtymyzyň «Köpetdagyna» geçen Rahat Japarow soňky iki ýylda Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Ata», Özbegistanyň «Buhara» we Täjigistanyň «SSKA-Pamir» toparlarynyň köýnekçelerini geýdi. Täjigistanyň ýylyň iň gowy derwezeçisi saýlanylan ildeşimiz bilen häzirki wagtda has meşhur toparlar hem gyzyklanyp başlady. Täze möwsümde ony halkara ýaryşlaryna gatnaşýan has güýçli toparlaryň düzümine görüp bileris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň