Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly ýaş alym düýe süýdüni we çalyny toz görnüşde uzak wagtlap saklamagyň tehnologiýasyny işläp düzdi

12:5816.12.2021
0
2027

Türkmenistanly ýaş alym ―Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň öwreniji mugallymy Röwşen Çarygeldiýew düýe süýdüni we çalyny toz görnüşe getirip, uzak wagtlap saklamagyň tehnologiýasyny işläp düzdi ― diýip, «Nesil» gazeti habar berýär.

— Düýe süýdi we çaly suwuklyk görnüşinde 72 sagadyň dowamynda ulanmaga niýetlenendir. Bu bolsa olary tiz zaýalanýan önümlere degişli edýär. Bu önümler köp duruberse, turşaýar we ulanyşa ýaramsyz bolýar. Şonuň üçin hem häzirki wagtda uzak wagtlap saklanýan guradylan düýe süýdüniň we çalynyň tozlarynyň alynmagy döwrebap meseleler bolup durýar. Munuň üçin liofilizasiýa usulyndan peýdalanmak gerek — diýip, ýaş alym gürrüň berýär.

Şu ýyl ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda yglan edilen ylmy işleriň bäsleşiginde hem ýeňiji bolup, Şa serpaýy bilen sylaglanan ýaş alymyň aýdyşy ýaly, «liofilizasiýa» sözi türkmen diline terjime edilende, «doňduryp guratmak» diýen manyny berýär. Has takygy, doňdurylan nusgadan sublimasiýa we desorbsiýa hadysalarynyň üsti bilen suw molekulalarynyň baglanyşygyny aýyrmakdyr. Liofilizasiýa usuly gyzgynlyga çydamsyz önümleriň köp sanlysyny, ýagny beloklary, mikroblary, derman serişdelerini, dokumalary we plazmany, iýmit önümlerini uzak wagtlap saklamak üçin iň oňat usullaryň biri hasaplanýar.

Ýaş alym Röwşen Çarygeldiýew düýe süýdüniň we çalynyň liofilizasiýasy üçin «VirTis Benchtop 8XL» kysymly liofilizator enjamyny ulandy. Munuň üçin ol 100 milligram göwrümli ölçeg kolbalaryna düýe süýdüni we çalyny guýup, liofil guradyjy enjamyň doňduryjy bölüminde -45OC derejedäki sowukda 4 sagatlap doňdurdy. Doňdurylan süýt we çal liofilizatoryň guradyjy bölüminde aşagyndan ýylylyk berilýän tekjelerde ýerleşdirildi. Nusgalara wakuum şertlerinde 26 Pa basyş, 35OC ýylylyk goýuldy. Nusgadan öňünden kesgitlenen şertlerde 24 sagat saklandy.

Indiki ädimde alnan tozlar soňky barlaglar üçin ulanyldy. Olaryň häsiýetlerini deňeşdirmek üçin arassalanan suw goşulyp, ýene suwuklyk görnüşine getirildi. Bu barlaglar ýöriteleşen enjamlarda ýa-da kesgitli standart usullar boýunça geçirildi. Şunda düýe süýdüniň we çalynyň turşulygy, ýaglylygy, küllüligi, ereýjiligi, reňki, dykyzlygy, mineral düzümi ýaly aýratynlyklary kesgitlendi.

Netijede, alnan düýe süýdüniň we çalynyň tozy asyl durkuna mahsus fiziki-himiki häsiýetlere eýe boldy. Süýdüň we çalyň çykymy kesgitlendi: süýt 12,6%, çal 2,1% çykym berdi. Mineral düzümiň deňeşdirmesi element düzümde ähmiýetli tapawut bermedi, bu bolsa düýe süýdi bilen çalyň mineral düzüminiň üýtgemeýänligine şaýatlyk edýär. Ýöne işiň dowamynda tozdan dikeldilen düýe çalynyň öňki tagamy bermeýändigi anyklanyldy. Bu ýagdaý kömürturşy gazyň bugarýandygy bilen baglydyr. Guradylan düýe çalyna mahsus tagamy bermek üçin çalyň deregine onuň gönezligini guratmak ýa-da guradylan çalyň tozuna kömürturşy gazy emele getiriji goşundylary goşmak meselelerini ýaş alym häzirki wagtda öwrenýär. Alnan tozlaryň iýmit üçin ulanylýan önümlerden alnandygyny we hiç hili goşundy goşulmandygyny göz öňünde tutup, tozlar gündelik iýmit hökmünde ulanylyp bilner.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň