Soňky habarlar

Arhiw

Rahat Japarow «SSKA-Pamir» bilen hoşlaşdy

11:1516.12.2021
0
2693

Şu ýyl Täjigistanyň «SSKA-Pamir» toparynda ýurduň çempionatynyň bürünç medalyna mynasyp bolan türkmenistanly derwezeçi Rahat Japarow şertnamasynyň möhletiniň dolandygy sebäpli, topar bilen hoşlaşdy. Bu barada «Sport.tj» saýty habar berýär.

Klubyň metbugat gullugy: «Saňa geljekde hem üstünlik arzuw edýäris, Rahat!» diýip ýazdy we derwezeçä hoşallyk bildirdi.

25 ýaşly derwezeçi SSKA bilen şu ýylyň başynda şertnama baglaşypdy. Ol mundan ozal Russiýanyň ýaşlar toparlarynyň birnäçesinde, Aşgabadyň «Köpetdagynda», Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Atasynda», Özbegistanyň «Buharasynda» çykyş etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň