Soňky habarlar

Arhiw

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda 35 müň tonna şaly hasyly ýygnaldy

11:4809.12.2021
0
1001

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň çäginde hereket edýän tüwi öndürýän kärhanada şalynyň täze hasylyny gaýtadan işlemek dowam edýär. Şu ýyl welaýatyň şalyçylary «sary altyn» taýýarlamagyň ýyllyk tabşyrygyny ýene-de üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Şaly ekilen 8100 gektar ýerden onuň 35 müň tonnasy ýygnalyp, döwlete tabşyryldy. Orak möwsüminiň üstünlikli berjaý edilmegine işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy, ýöriteleşdirilen tehnikalaryň, şol sanda «John Deere» we «CLAAS» kysymly kombaýnlaryň bökdençsiz hem-de netijeli işledilmegi uly ýardam etdi.

Daşoguz welaýatynda şu ekini ekýän esasy sebit hasaplanýan etrabyň iri hojalyklarynyň 2-si bu ekini ekmeklige ýöriteleşdirilen. Olar şalynyň sebitiň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, dürli kesellere durnukly, ýokary hasylly

«Müňbaş», «Nöküs-2», «Elenge» we «Bereketli» görnüşlerini ekip, bol hasyl ýetişdirýärler. Mysal üçin, şu ýyl diňe S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde şaly ekmek üçin 4750 gektar ýer bölünip berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň