Ýulduz Jumabaýewa dünýä çempionatynda ştangany silterläp galdyrmak boýunça üçünji orny eýeledi

22:2408.12.2021
0
12654
Ýulduz Jumabaýewa dünýä çempionatynda ştangany silterläp galdyrmak boýunça üçünji orny eýeledi

Şu gün, 8-nji dekabrda Ýulduz Jumabaýewa Daşkentde geçirilýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda kiçi bürünç medala mynasyp boldy.

Ýulduz 49 kilogram agramda çykyş edip, silterläp götermekde 76 kilogram agramlygyň hötdesinden geldi. Ol ikinji synanyşygynda galdyran bu agramyna, birinji synanyşykda hötde gelip bilmedi. Üçünji synanyşygynda hem sargyt eden 79 kilogram agramlygyny galdyryp bilmedi.

Itekläp götermekde iki gezek 100 kilogram we bir gezek 101 kilogram sargyt etdi. Ýöne türgeniň üç synanyşygam şowsuz boldy.

Bu agramda çykyş eden başga bir ildeşimiz — Bägül Berdiýewa silterläp götermekde 74, itekläp götermekde 92 kilogram netije görkezdi.

Bu agramda, umumylykda 191 kilogram netije görkezen taýlandly Hambao Surodçana 1-nji orny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň