Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Karl Nehammer Awstriýanyň täze kansleri bolar

19:1304.12.2021
0
852

Syýasatçy Karl Nehammer Awstriýanyň halk partiýasynyň başlyklygyna saýlandy we ol ýurduň täze kansleri bolar, bu barada 3-nji dekabrda ýerli “Krone” gazeti habar berdi.

Munuň öňüsyrasy Awstriýanyň maliýe ministri we Halk partiýasynyň başlygy Gernot Blýumel iş başyndan gitdi, şol gün şeýle hem ýurduň öňki kansleri Sebastýan Kurs “Ýaşyllar” bilen koalisiýadaky bu partiýanyň ýolbaşçysy wezipesini tabşyryp, syýasaty bütinleý terk edýändigini habar berdi.

Munuň yzýany ýurduň häzirki kansleri Aleksander Şallenberg hem bu wezipäni tabşyrmak islegi barada resmi beýanat berdi, ol muny partiýanyň federal öňbaşçysy wezipesine taýýar däldigi bilen delillendirdi.

Şallenbergi bu wezipä 10-njy oktýabrda ýurduň federal prezidenti Aleksander Wan der Bellen kasam kabul etdiripdi. Şonda Şallenberg özünden öňki kansleriň, ýagny partiýadaşy Kursuň syýasy ugruny dowam etdirmekçidigini wada beripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň