Soňky habarlar

Arhiw

TÝL - 2021: "Merw" "Aşgabady" uly hasap bilen ýeňdi

20:0003.12.2021
0
3664

Marynyň «Merw» futbol topary milli çempionatymyzyň 10-njy tapgyrynda öz meýdanynda «Aşgabady» uly hasap bilen ýeňdi. Duşuşyk ýer eýeleriniň 4:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşykdaky ilkinji goly Begenç Alamow penaltiden geçirdi. Şeýlelikde, tejribeli futbolçy toparynyň soňky üç duşuşygynda hem penalti urgularyny dürs ýerine ýetirdi. Ikinji goly Pirmyrat Sultanow, üçünjini ýene-de Begenç Alamow, dördünji pökgini bolsa Mukam Nazzyýew geçirdi.

Bu ýeňişden soňra «Merw» utugyny 10-a çykaryp, ýaryş tertibinde iki basgançak beýgeldi we bäşinji orna geçdi. 9 utukly «Aşgabat» bu utulyşyň öwezine garşydaşyna öz eýeleýän ornuny hem bermeli boldy.

11-nji tapgyrda «Merw» «Energetigi», «Aşgabat» «Nebitçini» kabul eder.

“Merw” – “Aşgabat” – 4:0
Gollar:

1:0 21' Begenç Alamow (penalti),

2:0 59' Begenç Alamow

3:0 47' Pirmyrat Gazakow,

4:0 90+3' Mukam Nazzyýew

Duýduryşlar: 44 Bagtyýar Hojaahmedow, 79 Kemal Annamuhammedow (“Merw”) – 20 Hakmuhammet Bäşimow, 29 Daýanç Nuryýew (“Aşgabat”)
Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.)
Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.)
Kömekçi eminler: N.Garajaýew (Aşgabat ş.), A.Jumaýew (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)
Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň komissary: A.Mämmetgulyýew (Aşgabat ş.)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň