Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy mätäç çagalaryň saglygyny bejermek üçin serişde goýberdi

23:0002.12.2021
0
7822

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryndan ugur almak bilen, Aşgabatdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde, Mary hem-de Lebap welaýatlarynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezlerinde howandarlyga mätäç çagalara operasiýa bejergileri geçirildi. Häzir olaryň ýagdaýy kanagatlanarly bolup, lukmanlar degişli gözegçiligi amala aşyrýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde we mekdep-internatlarda terbiýelenilýän çagalaryň operasiýa bejergisi, lukmançylyk maksatly degişli serişdeler üçin tölegleri Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna tölemek barada Çözgüde gol çekdi.

Aşgabatda hem-de ýurduň ähli sebitlerinde saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň gurulmagy we ulanmaga berilmegi çagalaryň döwrebap bilim almagy üçin şertleriň döredilmegine ýardam etdi.

Belläp geçsek, türkmen lideriniň başlangyjy boýunça hem-de degişli Kararyna laýyklykda, şu ýylyň martynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakylan şol gazna degişli ugurda netijeli işleri alyp barýar. Türkmenistanyň welaýatlarynyň etraplaryndaky we şäherlerindäki hassahanalaryň çagalar bölümleri üçin döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze «Tiz kömek» awtoulaglary sowgat berlipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň