Soňky habarlar

Arhiw

Tejenli daýhanlar 44 müň 300 gektar meýdana ekilen bugdaýa ideg edýärler

12:2929.11.2021
0
994

Tejen etrabynyň gallaçy daýhanlary häzirki günlerde güýzlük däne ekilen meýdanlardaky maýsalaryň idegini birkemsiz ýerine ýetirýärler. Olar etrap boýunça 44 müň 300 gektar meýdanda geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük dänäniň «Bagrat», «Kalim», «Batko» görnüşlerini ýetişdirýärler. Daýhanlar bol hasyl almak üçin kadaly gögeriş gazanylan meýdanlara ösüş suwuny tutmak we beýleki işleri agrotehnikanyň kadalary esasynda alyp barýarlar. Degişli oba hojalyk tehnikalarydyr gurallarynyň we serişdeleriniň üpjünçiliginiň ýokary derejede bolmagy ideg işleriniň wagtynda we ýokary hilli berjaý edilmegine şert döredýär.

Ekine birinji ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işlerinde etrabyň «Däneçilik», «Agalaň», «Tejen» daýhan birleşikleriniň gallaçy kärendeçileri aýratyn yhlaslylyk görkezýärler. Agzalan daýhan birleşikleriniň ekerançylyk meýdanlarynda ekiniň kadaly gögermegi we sagdyn ösmegi üçin miraplardyr hünärmenler, mehanizatorlar hem yhlasyny gaýgyrmaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň