Soňky habarlar

Arhiw

Eýran Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek isleýär

22:2426.11.2021
0
853

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Mehdi Safari Türkmenistanyň sebitde möhüm hyzmatdaşdygyny we Yslam Respublikasynyň iki ýurduň işewürlerine ikitaraplaýyn alyş-çalyşlary giňeltmekde goldaw bermek isleýändigini aýtdy.

Safari bu pikirini şu gün – 26-njy noýabrda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň işewürler maslahatynyň dowamynda beýan etdi.

Diplomat eýran Lideriniň goňşy döwletler bilen ýokary derejeli hyzmatdaşlygy alyp barmaga, Eýranyň, esasan-da, nebit we beýleki pudaklarda daşary söwdany ösdürmege aýratyn möhüm ähmiýet berýändigini aýtdy.

Ministriň orunbasarynyň sözlerine görä, Eýran hyzmatdaşlyk edýän ýurtlary bilen bilelikde daşary söwdadaky kynçylyklary we päsgelçilikleri aradan aýyrmak üçin giňişleýin meýilnamalary taýýarlap başlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň