Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguzly telekeçi zenan 434 gektar ýerden 8 müň tonna golaý ýeralma aldy

10:5426.11.2021
0
1722

Daşoguz welaýatyndan telekeçi Bibijan Hallyýewa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmek, pudakda amala aşyrylýan özgertmeleri has-da kämilleşdirmek boýunça nusgalyk derejede durmuşa geçirýän täze başlangyçlary esasynda gök we bakja önümlerini ýetişdirip, azyk bolçulygyny döretmäge uly goşant goşýanlaryň biri.

Ol Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Andalyp adyndaky daýhan birleşiginiň çäginden uzak möhletleýin peýdalanmak üçin 800 gektardan gowrak ýeri kärendesine aldy. Şonuň 434 gektaryna ýeralma ekilip, bu azyklyk önümiň bol hasyly ýetişdirildi. Şeýlelikde, telekeçi zenan Bibijan Hallyýewanyň kärendesine alan ýerinden ýeralmanyň 8 müň tonna golaýy öndürildi. Ýygnalan hasyl welaýatyň «Miwe» önümçilik birleşigine tabşyryldy, bazarlar, ýörite söwda nokatlary arkaly ilata ýerlenildi.

Telekeçi zenan kärende ýerinde başga-da gök we bakja önümleri ýetişdirilýär. Güýz howasynyň garaşyk edýän häzirki günlerinde 100 gektara golaý ýerden pomidoryň, soganyň, 20 gektardan gowrak ýerden käşiriň hasyly öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap aldy. Ekologik taýdan arassa, tagamlylygy hem ýokumlylygy bilen tapawutlanýan bu önümler ilatyň bereketli saçaklarynyň bezegine öwrüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň