Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly ýaşlar mekdep okuwçylary üçin onlaýn synag web-saýtyny döretdiler

13:4825.11.2021
0
2311

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Daýanç Jumagulyýew we Ilmyrat Gummyýew mekdep okuwçylary üçin «Onlaýn synag» web saýtyny işläp taýýarlady. Ol bu iş bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde ýaşlaryň arasynda yglan eden «Sanly innowasiýalar» atly programma üpjünçiligi boýunça bäsleşiginde ýeňiji boldy diýip "Nesil" gazetinde habar berilýär.

«Onlaýn synag» — ýurdumyzyň ähli orta mekdepleri üçin niýetlenen web-saýt. Mekdep meýilnamasynda bar bolan matematika, fizika we himiýa derslerinden barlag işleri, testler geçirilende taslamanyň ähmiýeti ýüze çykýar. Ol emeli aňyň üsti bilen bellenilen temalarda soragy gaýtalamazdan düzüp, okuwçynyň alan bahasyny, görkezen netijesini mugallyma hem-de şol bir wagtda okuwçynyň özüne görkezýär.

— Okuwdan boş wagtlarymyz PHP, HTML, CSS, JavaScript programma dillerini çuňlaşdyryp öwrenýäris. Bäsleşikde birinji orna mynasyp bolan «Onlaýn synag» atly web-saýtymyz hem şu dilleriň kömegi bilen ýazyldy — diýip, bäsleşigiň ýeňijisi, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Daýanç Jumagulyýew gürrüň berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň