Top.Mail.Ru

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda «Uýalar» atly täze oýun sahnalaşdyryldy

15:1223.11.2021
0
8436

Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda Andreý Wasiliýewiň «Uýalar» atly pýesasy esasynda Natalýa Laukerteniň režissýorlygynda adybir oýun sahnalaşdyryldy. Häzirki wagtda täze sahna eserini halk köpçüligine ýetirmek üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.

Pýesanyň gysgaça mazmuny şeýleräk. Anna edeni ugruna bolup duran özünden kiçi uýasy alçak Olga basdaşlyk edýär. Ol doganyny öýden gider ýaly edýär, ony öýsüz we maşgala goldawsyz goýýar, Olganyň duşuşan adamsyny alyp gidýär. Anna zada zar däl ýaly görünýär: ajap öýi, ýanýoldaşy, çagalary, käri bar. Ýöne kem-kemden durmuşyndan göwni geçip ugraýar.

Ençeme ýyldan soň Olga mirasa hukugyny talap etmäge gelende olaryň arasyndaky dawa hasam güýjeýär. Ula giden dawanyň soňunda, olar dünýäde özlerinden başga ýakyn hossarlarynyň ýokdugyny boýun alýarlar.

Annanyň keşbini Sofýa Stepanýa, kiçi uýasynyň keşbini Anastasiýa Zagorodnewa ýerine ýetirýär. Spektaklda iki keşp bar, aktrisalar iki sagada golaý tomaşaçylary dartgynly halda saklamaly. Bolsa-da, Sofýadyr Anastasiýa keşpleri ýerine ýetirmäge hötde geldiler.

Horeograf Maýa Pürsiýanowanyň goýan tansyny Anastasiýa Balandina bilen Lýubow Ýemelýanowa ussatlarça ýerine ýetirýärler. Tansçylaryň ikisem aly aňladýan nikaply çykyş edýärler. Olar çar ýana çyrpynyp, uýalaryň içki duýgusyny beýan edýärler, bir-birine düşünjek bolýarlar, ýöne ol başardanok.

Nikaplar ikinji bölümde eýýäm başgaça. Aç-açan ýürek döküşmeler bilen olar ýüregini päkleýärler. Indi olaryň hereketi mähriban adamlaryň bir-birege söýgüsini aňladýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň