Aşgabatda «Erkin» atly täze döwrebap seýilgäh açyldy

18:0019.11.2021
0
12083

19-njy noýabrda Aşgabadyň demirgazyk künjeginde «Erkin» atly täze, döwrebap seýilgäh açylyp ulanylmaga berildi.

Seýilgähiň açylmagy mynasybetli dabara ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar.
Täze seýilgähiň toý bagyny kesmek il içinde sylagly ýaşululara we enelere ynanyldy.

Şäheriň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde gurlan «Erkin» seýilgähi A.Nyýazow şaýoly we Amyderýa köçeleri bilen Hoja Ahmet Ýasawy we B.Hudaýnazarow köçeleriniň aralygynda ýerleşdirildi. Onuň umumy eýeleýän meýdany 16,97 gektara barabardyr. Seýilgähiň merkezinde belentligi 22 metr bolan Baýdak sütüni oturdylyp, onda Garaşsyz Türkmenistanyň ýaşyl Tugy erkana parlaýar.

Bu ýerde dynç almak üçin niýetlenen ýerler özboluşly yşyklandyryş ulgamy, pyýada we welosiped ýodalary bilen sazlaşykly utgaşýar. Welosiped sürüjiler üçin seýilgäh zolagynyň daşynda-da ýörite ýoda guruldy. Uly awtoduralganyň iki tarapynda hem welosipedleri goýmak üçin ýörite ýerler göz öňünde tutuldy.

Gök zolaklar bu künjegiň tebigy aýratynlyklary esasynda ýerleşdirildi. Seýilgähiň çäklerinde saýaly we pürli agaçlaryň, beýleki ösümlikleriň 7 müňden gowragy oturdyldy. Dürli güller ekilip, güllerden owadan şekiller döredildi. Bu bolsa amatly howa gurşawyny emele getirip, seýilgähe gezelenje barýan adamlara estetiki lezzet berýär. Kompressor beketleriniň ikisi we äpet suw gaplary baglaryň öz wagtynda suwarylmagyny üpjün eder.

Şeýlelikde, häzirki zaman seýilgäh zolaklary Aşgabadyň ilatynyň we myhmanlarynyň işjeň dynç almaklary üçin zerur şertler bilen üpjün edilýär. «Erkin» seýilgähinde-de arassa howada bedenterbiýe, sport maşklaryny ýerine ýetirmek, sport bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikler döredildi. Welosiped ýodalary guruldy we welosipedleri kärendä bermek işi ýola goýuldy.

Aşgabat «baglar şäheri» adyna eýe bolmak bilen, bu ýerde ajaýyp seýilgähler, gök zolaklar, özboluşly ösümlik dünýäsi suw çüwdürimler toplum bilen bitewi sazlaşygy emele getirip, gözelligi, ýaşaýyş üçin amatlylygy özünde jemleýän şäheriň ekologik derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýär.

Özboluşly binagärlik çözgütli “Garagum” oteliniň ýanynda ýerleşýän täze “Erkin” seýilgähiniň, şäher ilaty üçin bolşy ýaly, paýtagtymyzyň myhmanlary üçin hem söýgüli künjekleriň birine öwrüljekdigi şübhesizdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň