Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan FAO bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny teklip edýär

13:4017.11.2021
1
13685

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek hakynda hasabat berdi.

Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen köpugurly gatnaşyklaryň Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygy bellenildi. Bu babatda oba hojalygyny durnukly ösdürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlarda FAO bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda FAO bilen bilelikde sebitleýin taslamalaryň 5-si amala aşyrylýar. Şeýle hem halkara tejribä daýanylyp, ýokarda agzalan ulgamlarda öňdebaryjy tehnologiýalar, innowasion çözgütler we häzirki zaman ylmy çemeleşmeler ornaşdyrylýar. Şolar Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýär.

Döwlet Baştutanynyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, BMG-niň şu düzümi bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin birnäçe teklipler işlenip taýýarlanyldy. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyna esaslanyp, FAO guramasynyň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistan boýunça Maksatnamasyny işläp taýýarlamak teklip edilýär. FAO bilen bilelikde obasenagat toplumy, ekologiýa we howanyň üýtgemegi meselelerine degişli taslamalary durmuşa geçirmek maksadalaýyk hasaplanylýar. Hususan-da, häzirki wagtda FAO tarapyndan «Merkezi Aziýada ownuk şahly mallary köpeltmegiň netijeliligini artdyrmak arkaly bug gaz zyňyndylaryny azaltmaga ýardam bermek» atly sebitleýin taslama ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň bu taslama goşulmagy baradaky teklibi beýan etdi. Munuň özi oba ýerleriniň durnukly ykdysady ösüşine gönükdirilendir. Şeýle hem FAO-nyň hem-de ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň arasynda degişli ylalaşygy baglaşmak teklip edilýär.

Mundan başga-da, obasenagat toplumynyň hem-de tutuş milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri bolan pagtaçylykda hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen, bu ugurda önümçilik tehnologiýalaryny gowulandyrmak we pagta ýygymyny mehanizasiýalaşdyrmak arkaly, pagtaçylyk pudagynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen FAO bilen bilelikdäki taslamany durmuşa geçirmek teklip edilýär. Taslamanyň çäklerinde tehniki kuwwatlyklar arkaly gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, agrotehniki usullary we pagtanyň seleksiýasy babatda ylmy-barlag işlerini güýçlendirmek hem-de bu işleriň netijeliligini sanly tehnologiýalar arkaly ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.

FAO bilen gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, häzirki wagtda bu guramanyň Türkmenistandaky wekilhanasyny açmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Munuň özi göni ikitaraplaýyn gatnaşyklary amala aşyrmaga mümkinçilik berer. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de FAO-nyň hünärmenleri bilen bilelikde degişli Ylalaşygyň taslamasyny işläp düzmek teklip edilýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň ygtybarly hyzmatdaşydygyny görkezip, iş ýüzünde köpýyllyk netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge çalyşýandygyny nygtady. Ýurdumyz häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamak, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär.

Türkmenistan FAO bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berip, ykdysadyýetiň oba hojalygy ýaly möhüm pudagynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmakda, şol sanda obasenagat toplumynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, önüm öndürijileri goldamak, azyk bolçulygyny üpjün etmek, ýokary hilli azyk önümlerini öndürmek, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çärelerde özüniň oňyn tejribesini paýlaşmaga taýýardyr. Milletiň Lideri bu baradaky gürrüňi dowam edip, häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamynyň hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Sebit we ählumumy möçberde howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Döwlet Baştutany hödürlenen teklipleri, şol sanda Türkmenistanda BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň wekilhanasyny açmak baradaky teklibi makullap, wise-premýere, daşary işler ministrine hereket edýän milli kanunçylyga hem-de halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, degişli işleri geçirmegi tabşyrdy we mundan beýläk-de Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, onuň esasy düzümleri bilen bilelikdäki geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň