Top.Mail.Ru

Türkmenistanda deňiz ulagy boýunça okuw maslahaty geçiriler

11:3821.03.2025
0
16870
Türkmenistanda deňiz ulagy boýunça okuw maslahaty geçiriler
Surat: Atavatan Türkmenistan

Türkmenistanda deňizçileriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, degişli okuw maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň milli deňiz floty üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler hakyndaky hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, okuw maslahatynyň dowamynda dürli ugurlar boýunça hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär. Okuw maslahatyna “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleriniň gatnaşmagy, şeýle-de gyzyklanma bildirýän beýleki döwlet we hususy taraplaryň çagyrylmagy göz öňünde tutulýar. Agentligiň ýolbaşçysy bu okuw maslahatynyň geçirilmeginiň ýurduň deňiz we derýa ulaglary pudagynyň hünärmenleriniň hünär derejesini has-da ýokarlandyrmaga itergi berjekdigini aýdyp, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň deňiz flotunyň işini halkara talaplar esasynda ýola goýmagyň we bu ugurda halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutany deňiz ulagy boýunça okuw maslahatynyň ýokary derejede geçirilmelidigini aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň