Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Masud Pezeşkian Serdar Berdimuhamedowy Nowruz baýramy bilen gutlady

11:4521.03.2025
0
17297
Masud Pezeşkian  Serdar Berdimuhamedowy  Nowruz baýramy bilen gutlady
Surat: Atavatan Türkmenistan

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiandan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Nowruz baýramy mynasybetli gutlag haty gelip gowuşdy.

Türkmen metbugatynda çap edilen gutlag hatynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti türkmen kärdeşine ýüzlenmek bilen:

— Siziň Alyhezretiňizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny tebigatyň täzelenişiniň hem-de röwşen geljege umyt-arzuwyň nyşany bolan gadymy Nowruz baýramy bilen gutlaýaryn. Bahar pasly tebigatyň janlanyşyny alamatlandyrmak bilen, ynsanperwerligiň we galkynyşyň çeşmesidir. Şu mübärek günlerde ýurtlarymyzyň hem-de olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilýändiginiň şaýady boljakdygymyza ynanýaryn. Beýik Biribardan Size berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk we bagtyýarlyk dileýärin — diýip ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň