Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan BMG bilen ýaşlar syýasaty babatda hyzmatdaşlygyny ösdürýär

11:3321.03.2025
0
16074

20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow ýaşlar syýasaty babatda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Hasabatda ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini ýokarlandyrmagyň, olaryň döwrebap bilim almagy, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin giň mümkinçilikleri döretmegiň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. BMG-niň “Ýaşlar — 2030” strategiýasynyň maksatlaryndan we wezipelerinden ugur alnyp, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy, “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy” tassyklanyldy. Olary durmuşa geçirmegiň çäklerinde, şeýle hem BMG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek babatda birnäçe teklipler taýýarlanyldy.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli göz öňünde tutulan çäreleriň meýilnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, türkmen wekiliýetiniň şu ýylyň 15 — 17-nji aprelinde ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň ýaşlar forumynyň işine gatnaşmagy, şeýle hem onuň çäklerinde 16-njy aprelde Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň dialogynyň ikinji duşuşygyny guramak teklip edilýär. Şunuň bilen birlikde, maý aýynda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy bilen bilelikde Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaş hünärmenleriniň arasynda sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmek we hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahatyny guramak baradaky teklip beýan edildi. Şeýle hem BMG-niň agentlikleri tarapyndan ýaşlaryň we ýetginjekleriň ösüşine, olaryň başarnyklaryny kämilleşdirmäge ýardam bermäge, halkara we sebit derejede geçirilýän çärelerde olaryň wekilçiligini giňeltmäge gönükdirilen 2025 — 2027-nji ýyllar üçin “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly bilelikdäki maksatnamanyň taslamasyny işläp düzmek teklip edilýär. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda BMG-niň ýaşlara gönükdirilen degişli sebitleýin taslama resminamasy amala aşyrylýar. Onuň çäklerinde Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň welaýat müdirliklerinde BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly hünär okuwlaryny geçirmek üçin Okuw-maglumat merkezlerini döretmek teklip edilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen yzygiderli we ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini nygtady.

Döwlet Baştutany ýaşlar syýasaty babatda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň