Türkmenistanly pagtaçylar Watan harmanyna 1 million 250 müň tonna "ak altyn" tabşyrdylar

22:1211.11.2021
0
9810

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň daýhanlarynyň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri hakyndaky hasabatlary kabul etdi.

Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilen ýylynda pagtaçy kärendeçileriň, mehanizatorlaryň bilelikdäki tagallasy esasynda “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnadan gowragy Watan harmanyna tabşyryldy. Şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetiren daýhanlar ýetişdirilen hasylyň hemmesini ýygnap almak maksady bilen, netijeli zähmet çekýärler.

Her welaýatdan pagtaçylaryň zähmet ýeňşi mynasybetli çagalar öz ýanlary bilen oba zähmetkeşleriniň ýeňşini alamatlandyrýan horjun doly ak pagtany alyp geldiler. Welaýatlaryň ýaşajyk wekilleri gazanylýan ägirt uly üstünlikleri wasp edýän goşgulary aýtdylar.

Döwlet Baştutany gutlaglar we arzuwlar üçin çagalara minnetdarlyk bildirip, olara toý sowgatlaryny gowşurdy. Soňra ekerançylygyň iň gowy däplerini dowam etdirijiler bolan ýaş nesilleriň haýyşy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti olar bilen şanly wakanyň hormatyna ýadygärlik surata düşdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň