Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow «KamAZ»-yň Türkmenbaşy etrabyndaky merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

23:4510.11.2021
0
9840

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda «KAMAZ» kysymly ulaglary abatlamak, olara hyzmat etmek üçin okuw we hyzmat merkeziniň açylyş dabarasy boldy.

Bu merkeziň gurluşygyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda «KAMAZ» kysymly awtoulaglar üçin okuw we tehniki hyzmat merkezini gurmak hakynda beren tabşyrygyna laýyklykda badalga berildi. «KamAZ FTC CORP. LLP» kompaniýasynyň buýurmasy boýunça «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi tarapyndan bina edilen desga bir günde 10 ulaga hyzmat edip bilýär.

Täze desganyň açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Täze okuw-hyzmat ediş merkezi esasy dolandyryş binasyny özünde jemläp, şonda ammar binasy we abatlaýyş bölümi ýerleşýär. Toplumda awtoulaglary ýuwmaga niýetlenen bölüm, bassyrmaly awtoduralga hem-de suw saklanylýan uly göwrümli howuzlar ýerleşdirildi. Merkeziň çäginiň köp ýeri ätiýaçlyk şaýlary saklamaga niýetlenen uly ammar üçin niýetlenýär. Şol ätiýaçlyk şaýlarynyň yzygiderli getirilmegi ulagyň zerur serişdelerini gysga möhletde çalyşmaga mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň