Soňky habarlar

Arhiw

“Rubiniň” öňki futbolçysy Arkalaşygyň Kubogy — 2015-de Türkmenistanyň ýygyndysyny güýçlendirer

19:1313.01.2015
0
4121

Aşgabat, 13-nji ýanwar. “Türkmenportal”

Kazanyň “Rubininiň” ýaşlar ýygyndy toparynda çykyş eden, geçen ýyl bolsa “Altyn asyryň” düzüminde Türkmenistanyň çempiony bolan hüjümçi Selim Nurmyradow ýurdumyzyň  ýaşlar ýygyndy toparynyň düzüminde 16-njy ýanwarda Sankt-Peterburgda başlanýan Arkalaşygyň Kubogy ugrundaky XXIII halkara ýaryşyna gatnaşar. Bäsleşikde bijä laýyklykda üç toparça bölünen ýaşlar ýygyndy toparlarynyň 12-si (1994-nji ýylda doglanlar we ondan kiçiler) çykyş eder.

“A” toparça: Belarus, Türkmenistan, Estoniýa, Finlýandiýa;

“B” toparça: Moldowa, Gyrgyzystan, Russiýa, Latwiýa;

“C” toparça: GAR, Litwa, Täjigistan, Gazagystan.

Her toparçada iň güýçli iki topar, şeýle hem üçünji orny eýelän toparlaryň iň gowy netije görkezenleriniň ikisi çärýek finalda oýnamaga hukuk gazanar. Bu tapgyra çykyp bilmedikler 9—12-nji orunlar ugrunda göreşerler.

“Türkmenportalyň” habarçysyna Türkmenistanyň futbol federasiýasynda habar berlişi ýaly, türkmen futbolçylary ilkinjileriň hatarynda Sankt-Peterburga bardylar we 16-njy ýanwarda Belarusyň garşysyna geçiriljek ilkinji duşuşyga taýýarlyk görüp başladylar.

Ýaryşyň ähli oýunlary diňe bir Sankt-Peterburgda däl, eýsem, Ýewropada iň iri ýapyk desga hasaplanýan sport-konsert toplumynda geçiriler. Bu ýer öňden bäri iň iri çäreleriň — sportuň dürli görnüşleri boýunça ýurt birinjiliklerinden başlap dünýä çempionatlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Ýaryşyň geçiş tertibi

16-njy ýanwar (anna)

14:00  Moldowa — Gyrgyzystan

16:15  Estoniýa — Finlýandiýa

18:30  Belarus — TÜRKMENISTAN

20:30  Ýaryşyň açylyş dabarasy

21:00  Russiýa — Latwiýa

17-nji ýanwar (şenbe)

14:00  GAR — Litwa

16:15  Täjigistan — Gazagystan

18:30  Finlýandiýa — TÜRKMENISTAN

21:00  Estoniýa — Belarus

18-nji ýanwar (ýekşenbe)

14:00  Latwiýa — Gyrgyzystan

16:15  Gazagystan — Litwa

18:30  Täjigistan — GAR

21:00  Russiýa — Moldowa

19-njy ýanwar (penşenbe)

14:00  Belarus — Finlýandiýa

16:15  TÜRKMENISTAN — Estoniýa

18:30  Moldowa — Latwiýa

21:00  Gyrgyzystan — Russiýa

20-nji ýanwar (sişenbe)

14:00  GAR — Gazagystan

16:15  Litwa — Täjigistan

21-nji ýanwar (çarşenbe)

14:00  Çärýek final  1A — 3B/3C

16:15  Çärýek final  2B — 2C

18:30  Çärýek final  1C — 2A

21:00  Çärýek final  1B — 3A/3C

22-nji ýanwar (penşenbe)

18:30  9—12-nji orunlar ugrundaky duşuşyklar  4A — 4C

21:00  9—12-nji orunlar ugrundaky duşuşyklar  4B — 3A/3B/3C

23-nji ýanwar (anna)

14:00  5—8-nji orunlar ugrundaky duşuşyklar

16:15  5—8-nji orunlar ugrundaky duşuşyklar

18:30  Ýarym final

21:00  Ýarym final

24-nji ýanwar (şenbe)

18:30  11-nji orun ugrundaky duşuşyk

21:00  9-njy orun ugrundaky duşuşyk

25-nji ýanwar (ýekşenbe)

13:00  7-nji orun ugrundaky duşuşyk

15:15  5-nji orun ugrundaky duşuşyk

17:30  3-nji orun ugrundaky duşuşyk

21:00  Final.

Türkmen futbolçylary Arkalaşygyň Kubogynda soňky gezek 2013-nji ýylda çykyş edip, 12-nji orny eýeläpdiler. Arkalaşygyň Kubogy — 2015-de Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary Aşgabat şäheriniň sport baradaky komitetiniň futbol sport mekdebiniň tälimçisi Ahmet Agamyradowyň ýolbaşçylygynda çykyş eder. Bu hünärmen üç ýyl mundan ozal Arkalaşygyň Kubogy — 2012-ä baş tälimçiniň kömekçisi hökmünde gatnaşypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň