Soňky habarlar

Arhiw

6-njy noýabrda Türkmenistanda güýzlük bag ekmek dabarasy geçiriler

23:5301.11.2021
0
5013

1-nji noýarbda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda wise-premýer E.Orazgeldiýe Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy, pagta ýygymy möwsüminiň depginini güýçlendirmek babatyndaky çäreler, Türkmenistanyň welaýatlarynda bugdaý ekişiniň jemleri barada hasabat berdi.

Obasenagat toplumynyň işgärleri türkmen Lideriniň öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalary edýärler. Pagtaçylar bol hasyly ösdürip ýetişdirdiler we pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin güýç-gaýratlaryny aýaman zähmet çekýärler. Şu günler pagts ýygymy güýçli depginde dowam etdirilýär, edermen daýhanlar hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur çäreleri görýärler.

Ilatyň dürli görnüşli oba hojalyk önümlerine isleglerini kanagatlandyrmak boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şalynyň hem-de Balkan we Mary welaýatlarynda güýzlük gant şugundyrynyň bereketli hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär.

Türkmenistanda azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin ekin meýdanlarynda güýzlük ýeralmanyň, gök hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýygnap almak boýunça işler alnyp barylýar.

Iş maslahatyň dowamynda wise-premýer ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmäge örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, bag ekiljek ýerleri hem-de nahallary taýýarlamaga, geçiriljek giň möçberli çäräniň ýokary guramaçylygyny üpjün etmäge aýratyn üns bermek barada ýolbaşçylara görkezme berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutany Hasyl toýuny ýokary derejede geçirmek bilen bagly çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Bu dabaralarda daýhanyň asylly zähmeti, ekerançylarymyzyň, şol sanda pagtaçylaryň we gallaçylaryň ýeten belent sepgitleri öz mynasyp beýanyny tapmalydyr diýip, milli Lider belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, onda garalan meseleleriň örän wajypdygyny belledi hem-de obasenagat toplumynyň öňünde durýan ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagy, ýerden we suwdan netijeli peýdalanmagy, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmagy, ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmagy ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň