Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly talyplaryň arasynda makala ýazmak boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi

15:0527.10.2021
0
8370

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň arasynda geçirilen makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» internet saýty habar berýär.

Makala bäsleşigi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirildi. Oňa gatnaşan talyplar öz işlerinde geçen 30 ýylyň dowamynda ýurduň ykdysadyýetinde, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport,oba hojalyk, nebitgaz we beýleki ulgamlarynda gazanylan üstünlikleri beýan etdiler.

Bäsleşik iki ugur boýunça geçirildi. Ýörite tassyklanan düzgünnama laýyklykda bäsleşigiň birinji ugry boýunça ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar, ikinji ugur boýunça bolsa žurnalistika hünärinden başda hünärler boýunça bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda geçirilen bäsleşige baha bermek üçin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary tarapyndan ýörite topar döredildi.

Eminler toparynyň gutarnykly gelen netijesine laýyklykda bäsleşige gatnaşan talyplaryň arasyndan iň gowy makalalaryň awtorlary saýlanyp, olar bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi.

Bäsleşigiň birinji ugry, ýagny žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyp ýaşlardan şu aşakdakylar ýeňiji diýlip yglan edildi:

  • 1-nji orun — Süleýman Kowusow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.
  • 2-nji orun — Gülşat Ahunowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
  • 3-nji orun — Tawus Akjaýewa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Bäsleşigiň ikinji ugry, žurnalistika hünärinden başga hünärlerde bilim alýan talyplardan şu aşakdakylar ýeňiji diýlip yglan edildi:

  • 1-nji orun — Ogulnyýaz Allaberdiýewa, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.
  • 2-nji orun — Bibipatma Mirzaýewa, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby.
  • 3-nji orun — Durdymuhammet Paşşyýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.

Bäsleşikde ýeňiji bolan talyp ýaşlara guramaçylar tarapyndan Diplomlardyr gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň