Arhiw

“Belli Creative” studiýasy web saýtynyň durkuny täzeledi

18:2126.10.2021
0
4235
“Belli Creative” studiýasy web saýtynyň durkuny täzeledi

Dizaýn bezeg hyzmatlary ulgamynyň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolan “Belli Creative” studiýasy web saýtynyň durkuny täzeledi. Web saýtyň täzeçil çemeleşme esasynda taýýarlanan dizaýny studiýanyň alyp barýan işlerini animasiýalar, dürli wideoşekiller bilen, şeýle hem bölümlerdäki maglumatlar bilen görkezýär.

7 ýyla golaý wagt bäri Türkmenistanda dizaýna degişli dürli göwrümli taslamalary ýerine ýetirip gelýän “Belli Creative” dizaýn studiýasynyň işleriniň hatarynda “Aşgabat 2017” Aziýa oýunlarynyň brend bezegi, “Aşgabat 2018” Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň logotipi we brend bezegi ýaly döwlet tarapyndan geçirilen halkara çärelerine degişli işler bar. Hususy iş çygrynda bolsa studiýanyň köp sanly amal eden dizaýn işlerini bellemek bolar. “Bold”, “City”, “Wild” gazlandyrylan witamin içgileri, “Dana” bilim merkezi, “Ýunus” gury iýmiş önümleri ýaly önümçilik kärhanalaryň dizaýn taslamalary “Belli Creative” studiýasynyň döredijilik işlerine degişlidir.

www.bellicreative.com web saýtynyň sahypalarynda studiýanyň mundan başga-da onlarça işleri ýerleşdirilendir. Web saýtda her bir taslama üçin ýörite sahypa döredilen. Sahypalar her bir taslama esasynda aýratynlykda bezelip, olaryň her birini synlamagyň özboluşly lezzeti bar. Web saýtyň islendik brend taslamasyna gireniňde, onuň diňe logotipden däl-de, başga-da beýleki görnüşli bezeglerden ybaratdygyny görmek bolýar. Onda logonyň bir brend esasynda emele gelendigi we şol brendiň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanyş bolýarsyň. Her bir taslamanyň özi barada maglumat berýän ýazgysy we özüne çekiji grafikalary bar. Web saýtyň gap dizaýn taslamalary hem edil şonuň ýalydyr. Munda önümiň gabynda ýerleşdirilen her bir elementiň näderejede möhüm aýratynlyga eýedigine göz ýetirmek bolýar.

Bularyň ählisi “Belli Creative” studiýasynyň alyp barýan işine nähili ähmiýet berýändigini, şeýle-de olara has içgin çemeleşýändigini görkezýär. Taslamalaryň tanyşdyrylyşynda ýerine ýetirilen her bir işiň biri-birinden tapawutlylykda täzeçe mana eýe bolýandygy has täsirlidir. Bu bolsa hut «Belli Creative» studiýasynyň tapawutly tarapydyr.

Web saýtyň “Studiýa” bölüminde “Studiýa brend şahsyýetlerini emele getirýär we olara kämil strategiýalary düzýär” diýlip ýazylmagynyň sebäbi olaryň diňe owadan dizaýn döretmek bilen çäklenmeýändiklerini aňladýar. Studiýanyň her bir dizaýn eden önüminde hakykatdan hem brend şahsyýetini görmek bolýar. Bu önümler alyjylaryň gözünde owadanlyk bilen beýan edilen özboluşly bir wizual dile öwrülýär. Sebäbi “Belli Creative-iň” döredýän bezegleri bir brendiň döremegi, meşhurlyga ýetmegi üçin gerek bolan hyzmatlaryň jemidir.

Studiýanyň ýerine ýetirýän döredijilik işleriniň ählisi bilen giňişleýin tanyşmak üçin onuň täzelenen www.bellicreative.com web saýtyna girip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň