Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2021: Yhlas Magtymow ― möwsümde bir duşuşykda iki gezek tapawutlanan ilkinji futbolçy

21:5025.10.2021
0
603

«Şagadamyň» futbolçysy Yhlas Magtymow Ýokary liganyň şu möwsüminde bir duşuşykda birden artyk gol geçirip bilen ilkinji futbolçy boldy.

Mälim bolşy ýaly, ol 1-nji tapgyryň Türkmenbaşy şäherinde geçirilen duşuşygynda «Merwiň» derwezesine iki pökgi saldy.

Häzir Yhlas Magtymow şol iki goly bilen Ýokary liganyň şu möwsüminde iň kän tapawutlanan üç futbolçynyň biri. Bu üstünligi onuň bilen «Altyn asyrdan» Altymyrat Annadurdyýew we «Ahaldan» Elman Tagaýew paýlaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň