Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

"Maryşeker" şu ýyl 224 müň tonna şugundyr hasylyny kabul etmegi meýilleşdirýär

10:0625.10.2021
0
5051

Murgap jülgesiniň ekerançylary oba hojalyk ýylynyň iň soňky hem iň süýji hasylyny- gant şugundyryny ýygnamaga girişdiler. “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri bu möwsüme nekirt etmek üçin Sakarçäge etrabynyň Türkmenistan daýhan birleşiginden Ogulbossan Daňatarowanyň gant şugundyrynyň bitginli hasyly ýetişdirilen 3 gektar kärende ýerini saýlap aldylar. Öz ekin ýerinden bugdaýyň ýokary hasylyny almagy başaran tejribeli daýhan ikinji ekininiň hem her gektaryndan azyndan 145 sentner hasyla garaşýar.

Köp ýyllaryň dowamynda şugundyr ýetişdirmegiň tejribesini kemsiz ele alan, şeýle-de bu ekiniň suwarymly ýerleri netijeli ulanmak, düşewüntliligini artdyrmak, melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak babatdaky bähbitlerine göz ýetiren ekerançylar hysyrdyly zähmetdigine garamazdan, onuň idegini kemsiz ýetirýärler. Şugundyry diňe güýzlük ekmek tejribesine geçilmegi hem daýhan birleşikleri we hasyly işläp bejeriji ‘Maryşeker’ kärhanasy üçin belli bir amatlyklar döretdi.

Şu ýyl şugundyr ekini Mary welaýatynyň 10 etrabynda jemi 14 müň 900 gektar ýere ekildi. Ýerler ýörite hünärmenler tarapyndan suwuň we topragyň amatlyklary nazarda tutulyp, saýlanyp alyndy. Şugundyrly meýdanyň iň uly bölegi, ýagny 5 müň gektary Garagum etrabyna degişli. Bu ekini täze özleşdirip başlan Tagtabazar etrabynyň daýhanlary hem şu ýyl şugundyra 200 gektar ýer bölüp berdiler. Bellemeli ýagdaý, şu möwsümde ýygnalmaly şugundyr hasyly diňe bugdaýdan boşan meýdanlarda ikinji hasyl hökmünde ýetişdirildi.

Ýurdumyzyň Günbatar welaýatynyň Serdar, Bereket, Esenguly, Etrek we Magtymguly etraplarynda hem jemi 3 müň gektarda şugundyr hasylyny ýygnamak işine girişildi.

“Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti häzir şugundyry işläp bejerýän, şeker we dürli gant önümlerini taýýarlaýan ýurdumyzda ýeke-täk karhanadyr. Möwsüme taýýarlyk döwründe ulanyljak tehnikalary, ýerlerdäki hasyly kabul ediş nokatlary, kärhananyň önümçilik desgalaryny we enjamlaryny işjeň we ygtybarly ýagdaýa getiren bu kärhanada şu möwsümde 224 müň tonna şugundyr hasylyny kabul etmek meýilleşdirilýär.

Balkan welaýatynda gurluşygy dowam edýän şeýle ugurly kärhananyň işe girizilmegi geljekde şugundyr ekilýän meýdanlary giňeltmäge we saçaklarymyzyň bezegi bolan şeker we süýji önümleriniň özüne düşýän gymmatyny arzanlatmaga mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň