Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol çempionatyna haýsy topar näçe möwsüm gatnaşdy?

12:1120.10.2021
0
1018

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda täze möwsüme badalga berilýär.

Bu möwsüm ilkinjisi 1992-nji ýylda geçirilen çempionatyň 29-njy möwsümidir. Eýsem, yzda galan 29 möwsümde Ýokary liga ― 2021-e gatnaşýan toparlar näçe möwsüme gatnaşdy?

29 möwsümiň ählisine-de gatnaşan diňe üç topar bar. Olar «Nebitçi», «Merw» we "Şagadamdyr". Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamy» häzirki ady bilen şu ýyl milli çempionatymyzdaky 26-njy möwsümine girişer. Ýöne toparyň Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda "Neftýannik" we "Hazar" diýen atlar bilen çempionata wekilçilik edendigini hem ýatlamak gerek.

Çempionatyň «weteranlarynyň» arasynda üçünji orny 21 möwsüm bilen «Köpetdagdyr» «Ahal» eýeleýär.

Şu gün «Aşgabat» 16-njy, «Altyn asyr» bolsa 14-nji möwsümine girişer. Ýokary liganyň iň ýaş wekili «Energetik» 7-nji möwsümine salam berýär.

Çempionatyň 29-njy möwsüminiň şu gün «Aşgabat» ― «Altyn asyr» duşuşygy bilen açyljakdygyny habar berýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň