Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti 4-5-nji oktýabrda Özbegistanda resmi saparda bolar

23:0301.10.2021
0
6879

Ministrler Kabinetiniň 1-nji oktýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň barşynda wise-premýer R.Meredeow Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň 4-5-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasyna boljak saparyna görülýän taýýarlyk barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda iki ýurduň daşary syýasat edaralary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna boljak resmi saparyna taýýarlyk görmek bilen bagly işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň garamagyna degişli Maksatnamanyň taslamasy hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, türkmen-özbek gatnaşyklarynyň däbe öwrülen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetini, ýylsaýyn täze, anyk mazmuna eýe bolýan özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin örän uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Özbegistan Respublikasyna boljak resmi sapara hem-de onuň çäklerinde meýilleşdirilen çärelere taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň fewralynda ýola goýuldy. Türkmenistan we Özbegistan syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Häzir ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny 221 sany resminama düzýär. 2007 — 2021-nji ýyllarda iki ýurda ýokary derejede jemi 23 sany döwlet, resmi we iş saparlary amala aşyryldy.

Türkmenistan we Özbegistan medeni-ynsanperwer ulgamda hem netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Bu ugurda dürli çäreler, şol sanda iki ýurduň Medeniýet günleri yzygiderli guralýar. Şol günlerde Özbegistanda Türkmenistanyň kino günleri geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň