Soňky habarlar

Arhiw

«Daýhanbank» DTB «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

15:4001.10.2021
0
10758

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky, bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde tölegli esasda bilim alýan talyp ýaşlary goldamak, olaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, hünärlerini kämilleşdirmek babatda amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Talyp karzy» atly bank karzyny hödürleýär.

«Talyp karzy» ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplara diňe degişli okuwyň bahasyny tölemek üçin nagt däl görnüşinde berilýär.

Müşderiler bank karzyny 42 000 manada çenli alyp bilýärler. Onuň ýyllyk göterim derejesi 5 göterime çenli bolup, ol üç ýyl möhlet bilen berilýär.

Müşderiniň bankdan alýan karzynyň möçberi 10 000 manada çenli bolan ýagdaýynda onda hökmany iki sany raýatyň zamunlygy gerek bolýar. Eger-de müşderiniň alýan karzy 10 000 manatdan ýokary möçbere bolsa onda girew emlägi kabul edilýär.

«Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň, «Talyp karzyndan» peýdalanmak isleýän müşderileriň ýüztutmalary we degişli resminamalary bankyň resmi www.dayhanbank.gov.tm internet sahypasy arkaly onlaýn görnüşinde kabul edýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

  • Aşgabat şäheri - 38-03-79; 38-02-86; 24-44-55; 24-52-85;
  • Ahal welaýat şahamçasy - (8-00-137) 3-34-39;
  • Balkan welaýat şahamçasy - (8-00-246) 5-21-51;
  • Daşoguz welaýat şahamçasy - (8-00-322) 9-35-07;
  • Lebap welaýat şahamçasy - (8-00-422) 9-13-48;
  • Mary welaýat şahamçasy - (8-00-522) 6-76-40.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň