Gazagystan halkara telefon aragatnaşygynyň açaryny üýtgeder

19:1523.09.2021
0
1901
Gazagystan halkara telefon aragatnaşygynyň açaryny üýtgeder

Gazagystan özüniň Russiýa Federasiýasy bilen umumy bolan halkara telefon aragatnaşygynyň +7 belgili açaryny üýtgeder, mundan beýläk ýurduň resmi açary +997 belgiden ybarat bolar. Bu barada Gazagystanyň sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmiki senagat ministri Bagdat Musin “Facebook” sahypasynda habar berdi.

“Oňat habar! BMG-niň elektrokommunikasiýalar boýunça Halkara bileleşigi Gazagystan üçin +997 belgili täze açary hasaba aldy” diýip, ol ýazdy.
Musin +7 açarynyň Sowet Soýuzy dargandan soň birbada Russiýa we Gazagystana berlendigini ýatlatdy.

“Tengrinews.kz” habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, Gazagystan täze milli açary ulanmaga 2023-nji ýylyň ýanwaryndan girişer. Şu döwürde köne açar hem iki ýyllap deň ulanylar. Täze telefon açaryna 2025-nji ýylda doly geçiler.

Öň Gazagystanda prokatdaky ähli filmleri gazak diline terjime etmek barada hökmany düzgüniň giriziljekdigi habar berlipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň