Lukaşenko belaruslaryň häzirki durmuş derejesine guwanýandygyny aýtdy

12:3425.04.2024
0
8021
Lukaşenko belaruslaryň häzirki durmuş derejesine guwanýandygyny aýtdy
Surat: iz.ru

Belaruslar hiç wagt häzirki ýaly oňat durmuşda ýaşamandy. Bu barada ýurduň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko 24-nji aprelde Bütinbelarus Halk ýygnagynda eden çykyşynda aýtdy diýip, «Iz.ru» ýazýar.

Belarusyň döwlet Baştutanynyň: «Geliň, ak ýürekden boýun alalyň, biz hiç haçan häzirki ýaly gowy ýaşamandyk» diýen sözlerini ONT teleýaýlymy getirdi.

Lukaşenko şeýle hem belaruslaryň ýaşaýyş derejesiniň mundan hem gowy bolup biljekdigini belledi. Onuň sözlerine görä, geosyýasy ýagdaýlary hasaba almak bilen, ýurt geografiki, gor mümkinçiliklerini utgaşdyrmak arkaly ykdysadyýetde uly öňegidişlikleri gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň