Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýda mundan 200 müň ýyl ozala degişli çagalaryň elleriniň yzlary tapyldy

18:2915.09.2021
0
3893

Guançžou uniwersitetiniň arheologlary, takmynan, 200 müň ýyl ozal Tibet platosynda galdyrylan çagalaryň elleriniň we aýaklarynyň yzlaryny tapdylar. Yzlar hek daşy plitalarynda saklanyp galypdyr.

Alymlar yzlary galdyran çagalaryň ýaşynyň 7-den 12-ä çenli üýtgeýändigini anykladylar. Yzlar tötänleýin däl-de, oýun wagtynda bilgeşleýin galdyrylan bolmaly. «Gazeta.ru»-nyň habaryna görä, radiometrik maglumatlar bu hek ýataklarynyň 169-226 müň ýyllykdygyny görkezdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň