Arhiw

Köpetdagyň gerşinde gurulýan Magtymgulynyň ýadygärlikler toplumy açylar

13:3714.09.2021
0
7886
Köpetdagyň gerşinde gurulýan Magtymgulynyň ýadygärlikler toplumy açylar

Köpetdagyň gözel künjeginde gurulýan Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärlikler toplumynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrlarda alnyp barylýar. Bu barada 13-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow habar berdi we türkmen Liderine ýadygärligiň birnäçe şekil taslamalaryny görkezdi.

Şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy hem-de dürli maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depgini, şäheri mundan beýläk-de toplumlaýyn abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de şöhratly sene — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara, Halk Maslahatynyň mejlisine, zähmetde tapawutlanan raýatlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäherinde işleriň alnyp barlyşyna, durmuş-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, inžener-tehniki, bezeg we ekologiýa taraplaryny göz öňünde tutup, hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Bina edilýän desgalar Aşgabadyň häzirki zaman binagärlik keşbi bilen sazlaşykly utgaşmalydyr, bu ýerde ozal gurlan binalar, şäher gurşawy bilen sazlaşmalydyr.

Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly Pyragynyň garaşsyz döwlet, erkinlik, ynsanperwerlik hakyndaky arzuw-islegleriniň bu gün ajaýyp döwrümizde hasyl bolandygyny nygtap, şahyryň heýkeliniň we onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşynyň häzirki zamanyň ösen binagärlik çözgütlerine laýyk gelmelidigini belledi. Şunda bu ýerlerde gurulýan desgalar toplumy Köpetdagyň etegindäki tebigy aýratynlyklar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir hem-de häzirki zamanyň ösen tejribelerinden, milli binagärlik ýörelgelerinden we ýerli özboluşly tebigy aýratynlyklardan ugur alynmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, häkime ýadygärlikler toplumynyň açylyş dabarasyna giňişleýin taýýarlyk görmek boýunça tabşyryklar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň