Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

23:3513.09.2021
0
8490

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görlüşine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň guramaçylykly ýerine ýetirilişine degişli meselelere garaldy.

Iş maslahatynyň dowamynda sebitleriň ýolbaşçylary şu günler welaýatlarda oba hojalyk tehnikalarynyň guramaçylykly we netijeli ulanylmagy netijesinde pagta ýygymy, gowaçanyň ýapragyny düşürmek işleri hem-de güýzlük bugdaý ekişi bilen baglanyşykly obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýlary barada hasabat berdiler. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görlüşi, şanly sene mynasybetli ulanylmaga tabşyrylmagy göz öňünde tutulýan desgalarda gurluşyklaryň barşy barada aýdyldy.

Şeýle hem Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow demirgazyk sebitde ýerli toprak-howa şertleri nazara alyp, 15-nji sentýabrda badalga beriljek pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, bina edilýän ähli desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ulanylmaga berilmegi hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllyk senesi mynasybetli dabaralara we Halk Maslahatynyň şanly senä bagyşlanan mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça häkimlere anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň