Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli gönükdirilen daşary söwda strategiýasynyň nähili ykdysady bähbitleri bar?

12:2813.09.2021
0
2145

«Türkmenistan» gazetinde çap edilen «telegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikde ýurduň eksport mümkinçiliklerini mundan beýläk hem artdyrmakda döwletimiziň Bütindünýä söwda guramasynda synçy derejesine eýe bolmagynyň, «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda strategiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetine üns çekilýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara ykdysady hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy Maksat Çaryýewiň gazetiň habarçysyna gürrüň berşi ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýurdumyzyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen daşary ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdyr. Bu babatda 2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda milletiň Lideriniň Karary bilen kabul edilen «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» hem möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn bellemek gerek. Onda ýurdumyzyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň birnäçe ileri tutulýan ugurlary göz öňünde tutuldy. Maksatnamada Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek wezipesi hem anyk kesgitlendi. 2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistan bu guramada synçy derejesine eýe boldy. Bu üstünlik halkara söwda hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, hususan-da, ýurdumyzyň dünýä söwda-ykdysady giňişligine has-da integrirlenmegine täze mümkinçilikleri açdy.

Milletiň Lideriniň başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary tarapyndan «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda strategiýasynyň» taslamasy türkmen we rus dillerinde işlenip düzüldi hem-de ol Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran degişli Karary bilen kabul edildi. Strategiýa işlenip taýýarlanylanda, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça ileri sürýän başlangyçlaryndan ugur alyndy. Onda 2021 — 2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň daşary söwda syýasatynyň maksatlary, wezipeleri we esasy ugurlary beýan edildi. Şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda söwda toplumynyň, ykdysady toplumyň bellikleridir teklipleri alyndy. Bulardan başga-da, strategiýada degişli halkara guramalaryň (şol sanda WTO — Bütindünýä söwda guramasynyň, ITC — Halkara söwda merkeziniň, ADB — Aziýa ösüş bankynyň) teklipleri göz öňünde tutuldy. Hususan-da, Bütindünýä söwda guramasy hem-de Halkara söwda merkezi tarapyndan strategiýa oňyn syn berildi we taslamanyň mazmuny hil taýdan ýokary bahalandyryldy. Strategiýanyň taslamasy hünärmenler derejesinde hem birnäçe sapar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň BSG-ä girmegi bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň mejlislerinde hem onuň ähmiýeti barada durlup geçildi.

Milli ykdysadyýetimiziň önümçilik we eksport mümkinçiliklerini ösdürmek; ýurdumyzda öndürilen harytlaryň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertleri döretmek; ykdysadyýetde bäsdeşlige ukyply işewürlik gurşawyny we maýa goýum ýagdaýyny döretmek; Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza döwlet hökmünde girmegini gazanmak; ýurduň ykdysadyýetiniň oňyn töleg we söwda deňagramlylygyny üpjün etmek strategiýanyň esasy maksatlarydyr.

Milli önümleriň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmek; kiçi we orta telekeçiligi goldamak, olaryň ösmegi hem-de öndürýän önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmak üçin zerur şertleri döretmek; söwda-ykdysady gatnaşyklar ulgamynda öňdebaryjy dünýä tejribesine, şol sanda BSG-niň kadalaryna laýyklykda, milli kanunçylygy kämilleşdirmek; eksport önümleriniň pudaklar we ýurtlar boýunça diwersifikasiýalaşdyrylmagyna gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek bolsa strategiýany amala aşyrmagyň esasy wezipeleridir. Strategiýa iki tapgyrda (1-nji tapgyr — 2021 — 2025-nji ýyllar; 2-nji tapgyr — 2026 — 2030-njy ýyllar) amala aşyrylar.

Türkmenistan söwda ulgamyny özgertmek arkaly, ýurduň daşary söwdasynyň çalt depginler bilen ösdürilmegine ýardam berýän, eksport ugurly söwda strategiýasyny amala aşyrmagy maksat edinýär. Strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýetilen sepgitler Türkmenistan üçin çalt depginlerde ösýän ykdysadyýetli hem-de ählumumy söwda ulgamynda işjeň hereket etmäge ukyply bolan ýurt hökmünde täze we has uly mümkinçilikleri açar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň