Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

22:3005.09.2021
0
5306
Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Surat: tdh.gov.tm

5-nji awgustda, dynç güni Türkmenistanyň Prezidenti irdenki maşklary ýerine ýetirdi, welosipedli gezelenç etdi we Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, asylly däbe görä, behişdi bedewleri bilen didarlaşyp, Akýol atly bedewde birsellem gezim etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda dünýäde iň gowy bedewler üçin ajaýyp şertler döredildi. Köpetdagyň eteginde ýerleşýän bu atçylyk merkezi Türkmenistanda tebigatyň döreden täsin sungatyna deňelýän bedewlere nähili belent sarpa goýulýandygynyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow bedewi çapuw ýodasyna çykaryp, ony öz erkine goýberdi. Bedew gorgunlap barşyna tejribeli atçaparyň hereketlerine eserdeňlik bilen boýun bolýar.

Ajaýyp ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan milletiň Lideriniň olary wasp edýän birnäçe eserleri — “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew” hem-de “Atda wepa-da bar, sapa-da” kitaplaryny döretdi. Giň okyjylar köpçüliginiň ýankitabyna öwrülen bu eserlerde halkymyzyň guwanjyna öwrülen bedewleriň taryhyna, gözelligine we dünýädäki abraýyna bagyşlanan maglumatlar öz beýanyny tapýar. Halkymyzyň we dünýä okyjylarynyň söýgüli eserleri bolan şol kitaplarda pederlerimiziň yhlasyndan we zehininden kemal tapan hem-de şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleriniň waspy ýetirilýär.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, ahalteke bedewleri halkymyzyň ykbalynda uly orun eýeläpdir. Türkmenler bedewlerini ýakyn syrdaşy hem-de wepaly ýoldaşy saýyp geldiler. Hut şu ýörelgeler hem bu behişdi bedewlerde aýratyn häsiýetleriň kemala gelmegine täsirini ýetirdi. Bu gün seýisleriň, halk seçgiçileriniň ussatlygy netijesinde, milli atşynaslygyň asylly däpleri aýawly saklanylýar hem-de ylmyň we tehnikanyň täze gazananlary bilen baýlaşdyrylýar.

Hormatly Prezident atly gezelenji tamamlap, bu ýerden ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň