Top.Mail.Ru

«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

09:0525.08.2021
0
4965

Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan türkmen, iňlis we rus dillerinde çärýekde bir gezek neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Žurnal hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli Geňeşiň iki palatasynyň bilelikdäki birinji mejlisinde Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňünde durýan möhüm wezipeler baradaky çykyşy bilen açylýar.

Žurnalyň sahypalarynda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak ugrunda üýtgewsiz çykyş edýän ýurdumyzyň strategik ugurlary beýan edilýän milli Liderimiziň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatda, şeýle hem Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitindäki eden çykyşlary ýerleşdirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň doly makullanan hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň goldawyna eýe bolan netijeli teklipleri hem hut şoňa gönükdirilendir.

15-nji aprelde Aşgabatda geçirilen halkara maslahatda döwlet Baştutanymyz çykyş edip, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini belledi. Bu çözgüt Milletler Bileleşiginiň döwletara hyzmatdaşlygyň depginlerine oňyn goldaw bermäge, umumy kabul edilen kadalaryna hem-de BMG-niň Tertipnamasyna daýanmak bilen, gatnaşyklary birek-birege hormat goýmak esasynda guramak üçin zerur şertleri üpjün etmäge gyzyklanmasyny alamatlandyrýar.

Häzirki wagtda bu maksatlar möhüm ähmiýete eýedir hem-de ylalaşykly hereketleri talap edýär. Bitarap Türkmenistan üçin parahatçylygyň we howpsuzlygyň esasynda durnuklylygy, ynanyşmagy hem-de halkara gatnaşyklarda aýanlygy üpjün etmek daşary syýasatyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şeýle usulda hereket etmek bilen, ýurdumyz bar bolan meseleleri syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözmek, sebit we ählumumy derejedäki wehimleriň öňüni almak hem-de olara öz wagtynda çäre görmek üçin Bitaraplygyň gurallaryny, onuň parahatçylyk dörediji mümkinçiliklerini işjeň peýdalanmagy teklip edýär.

Milli Liderimiziň çykyşynda syýasy-hukuk gural hökmünde Bitaraplyk syýasatynyň häzirki wagtda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde, ählumumy wehimlere — halkara terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna netijeli garşy durmakda tagallalary birleşdirmek üçin uly ähmiýete eýedigine ynam bildirilýär. Soňky wagtlarda bu wehimlere täze howplar — kiberjenaýatçylyk, kanunçylyga boýun egmezlik, BMG-niň ornunyň hem-de wezipeleriniň ähmiýetini peseltmäge synanyşyklar, hukuk goraýyş meselelerini belli bir bähbitler üçin ulanmak howplary goşuldy.

Şunuň bilen baglylykda, bu meseleler boýunça köptaraplaýyn gepleşikleri netijeli ugra gönükdirmek üçin Türkmenistanyň teklip edýän çäreleri möhümdir. Hususan-da, ýurdumyz soňky ýyllarda BMG-niň çäklerinde durnukly energetika, ulag, ekologiýa, daşky gurşawy goramak ulgamlarynda halkara parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak hem-de birnäçe beýleki ugurlar boýunça Baş Assambleýanyň Kararnamalarynyň taslamalary bilen çykyş edip, hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda yzygiderli, anyk çäreleri teklip edýär.

Çap edilen beýleki işleriň hatarynda “Türkmenistan — BMG: adam hukuklary babatda hyzmatdaşlyk” atly makala bar. Onuň awtory — BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Kristina Weýgand Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de ýurdumyzyň Hökümetiniň köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini belleýär. Adam hukuklary babatda özara gatnaşyklar BMG-niň gurallary arkaly şol gatnaşyklara ýardam edilmegini, jemgyýetiň öz hukuklary babatda habarlylygynyň ýokarlandyrylmagyny, hereket edýän kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegini hem-de täze kadalaşdyryjy resminamalaryň kabul edilmegini, şol sanda hereketler meýilnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyny öz içine alýar diýlip, makalada bellenilýär.

Makalada adam hukuklary babatda degişli düzgünleri Türkmenistanyň kanunçylygyna ornaşdyrmagyň anyk mysallary getirilýär.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz BMG-niň, ÝHHG-niň we beýleki abraýly guramalaryň doly hukukly agzasy bolmak bilen, degişli ugurda esasy halkara namalary tassyklady hem-de öz üstüne alan borçnamalaryna gyşarnyksyz eýermek bilen, hukuk ulgamynda öňdebaryjy dünýä tejribesiniň öwrenilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Şeýle hem žurnalyň okyjylaryna Halkara Zähmet Guramasy (HZG) bilen hyzmatdaşlyk barada makala hödürlenildi. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri şol guramanyň agzasy bolup durýar. Makalada bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň 2021-nji ýylyň martynda “Iş üpjünçiligi babatda syýasat hakynda” Konwensiýa goşulmagy HZG bilen netijeli gatnaşyklaryň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de beýleki kanunçylyk namalarynyň, şol sanda «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny mysal getirilýär. Oňa laýyklykda, döwlet tarapyndan her bir raýatyň zähmete, öz islegine görä hünär, kär hem-de iş ýerini saýlap almaga, zähmetiň sagdyn we howpsuz şertlerine hukugy kepillendirilýär.

Makalada ýurdumyzda amala aşyrylýan, adam hukuklaryny goramaga gönükdirilen özgertmeleriň Durnukly ösüş maksatlary bilen sazlaşyp, türkmenistanlylar baradaky aladanyň ileri tutulýandygy bellenilýär. Şonuň bilen birlikde, doly derejede, netijeli we erkin saýlanyp alnan hünär bilen üpjün etmek üçin bu ugurda Türkmenistanyň kanunçylyk hem-de kadalaşdyryjy namalaryny kämilleşdirmäge gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen bilelikde işleriň amala aşyrylýandygy nygtalýar.

“Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak: milli däpleriň we döwrebap usullaryň utgaşdyrylyşy” atly makalada täze taryhy döwürde durmuşa geçirilýän, döwrüň talabyna kybap gelýän hukuk binýadyny kemala getirmäge gönükdirilen konstitusion özgertmeleriň ugurlary barada gürrüň berilýär.

Awtor gadymy kökleri bolan rowaýatlaryň, hekaýatlaryň, nakyllaryň hem-de ýaşuly nesliň terbiýeçilik täsirli bellikdir gözükdirmeleriniň, nesihatdyr maslahatlarynyň hukuk bozulmalarynyň öňüni alyş çäreleriniň mazmunyna millilik öwüşginini çaýýandygyny nygtaýar.

Makalada hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň ähmiýetine esaslanyp, jemgyýetde maşgala terbiýesiniň möhüm orun eýeleýändigi bellenilýär. Awtoryň nygtaýşy ýaly, milli däpleriň hem-de döwrebap usullaryň sazlaşykly utgaşdyrylmagy, halkara tejribeleriň ornaşdyrylmagy raýatlaryň hukuk medeniýetini ýokarlandyryp, hukuk bozulmalarynyň öňüni alyş ulgamyny kemala getirýär.

Bu babatda döwlet Baştutanymyzyň atalyk aladasy netijesinde ýurdumyzda ýaş nesli terbiýelemäge hukuk sowatlylygy ýokarlandyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgeleri hem-de zyýanly endikleriň agyr netijeleri barada habarly etmäge uly üns berilýändigi nygtalýar. Wagyz-nesihat işinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňeltmek wajypdyr. Onuň üsti bilen zerur maglumatlar raýatlaryň dykgatyna ýetirilýär, bu bolsa hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga ýardam edýär.

Şeýle-de okyjylara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän ylym-bilim syýasatynyň wajypdygy barada maglumat hödürlenilýär. Gündogaryň meşhur akyldarlary Al Farabynyň, Abu Reýhan Birunynyň, Ibn Sinanyň işlerine esaslanmak bilen, awtor ylmyň we bilimiň möhüm ýörelgelerine, barlag-seljerme işlerinde alymlara taryhy maglumatlaryň hem-de wakalaryň dogrudygy, olary hemmetaraplaýyn seljermek babatda edilýän talaplara okyjylaryň ünsüni çekýär.

Bu makalada Türkmenistanyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygy barada gürrüň berilýär. Mälim bolşy ýaly, bu düzümiň işi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmäge teklip edilen desgalaryň ähmiýetini kesgitlemäge gönükdirilendir.

Žurnalda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy: parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanan ösüşler” atly ylmy-amaly halkara maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlary hem getirilýär.

Neşiriň nobatdaky sanyny maglumatlar toplumy jemleýär, olarda okyjylara ýylyň ikinji çärýeginde abraýly guramalaryň wekilleriniň hem-de bilermenleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklara, okuw maslahatlaryna berlen syn hödürlenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň