Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy ― 2021: «Ahalyň» düzüminde Arslanmyrat Amanow ýok

18:0719.08.2021
0
1871

Ýakynda «Ahal» bilen şertnama baglaşandygyna garamazdan, tejribeli ýarym goragçy Arslanmyrat Amanow toparyň AFK-nyň kubogynda «Nasaf» bilen boljak duşuşygynda ýardam edip bilmez.

Ol toparyň bu duşuşyk üçin Özbegistana giden sanawynda görkezilmedi. Çünki ýakynda ýurdumyza dolanan ýarym goragçy BSGG-niň kadalaryna laýyklykda häzirki günlerde karantin gözegçiliginde. Ol karantinden çykyp, topara goşular. Oňa çenli «Ahal» «Nasaf» bilen AFK-nyň kubogynyň sebitleýin finalyndaky duşuşygyny geçirer.

Arslanmyrat Amanowyň şu möwsümiň birinji ýarymynda Özbegistanyň «Sogdianasynda» çykyş edendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň