Türkmenistandaky hususy ýyladyşhanada täze iş orunlarynyň 400-den gowragy döredildi

10:0614.08.2021
0
13478

Şu ýyl ýurduň telekeçileri tarapyndan döredilen täze ýyladyşhanalarda dört ýüz iş orny döredildi. Oba hojalyk ekinleri ösdürilip ýetişdiriljek täze jaýlaryň meýdany 35 gektar artdy. Innowasion tehnologiýalar bu meýdanlarda ýylda 11 müň tonnadan gowrak gök önüm ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

Telekeçiler tarapyndan ýurduň ähli welaýatlarynda gurlan alty sany häzirki zaman ýyladyşhana hojalygy öňden işläp gelýänleriň hataryna goşuldy. Ahal welaýatynyň Kaka we Ak bugdaý etraplaryndaky “Oguz ýoly” we “Daşkömür” HK-nyň ýyladyşhanalarynda pomidor ösdürip başladylar. Balkan welaýatynda häzirkizaman ýokary tehnologiýaly enjamlary we ösümliklere ideg etmegiň innowasion usullaryny telekeçi Sapardurdy Nalyýew özleşdirdi. Mary welaýatynyň Sakarçage etrabyndan “Mähriban oba” HK-nyň täze ýyladyşhana hojalygy özüniň sekiz gektar ýerinde ýokary hasylly pomidor görnüşlerini arly ýyl ösdürip ýetişdirmegi meýilleşdirýär. Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda “Altyngalagurluşyk” HK täze ýyadyşhanalaryny üstünlikli özleşdirýär. Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda “Altyn bürgüt” HK ýyladyşhanalarda gök önümlerden ajaýyp hasyl alýar.

Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň maglumatlaryna görä, ýurduň oba ýerlerinde umumy meýdany 410 gektardan gowrak bolan 80-e golaý ýyladyşhana işleýär. Umumy meýdany 1,683 gektardan gowrak bolan 170-den gowrak ýyladyşhananyň gurluşgy alnyp barylýar. Ýene 16 hojalyk şu ýyl umumy meýdany 122 gektar bolan ýyladyşhananyň gurluşygyna başlamagy meýilleşdirýär.

Türkmenistanyň ýyladyşhana hojalyklary içerki bazary ýylboýy täze gök önüm: pomidor, hyýar, bulgar burç, ýertudana we beýleki ekinleriň dürli görnüşleri bilen üpjün edýär. Türkmen oba hojalyk öndürijileriniň eksport mümkinçili-de ösýär. Türkmenistanda ýyladyşhana şertlerinde ösdürilip ýetişdirilýän pomidor, GDA bazarlarynda uly meşhurlyk gazanyp, ýurduň esasy eksport harytlarynyň birine öwrüldi. Şu ýylyň ýedi aýynda hususy öndürijiler bahasy 56,5 million ABŞ dollary bolan 51 tonnadan gowrak pomidory ýurt daşyna satdylar, bu bolsa geçen ýylkydan iki esse köpdür. Ýyladyşhana önümleriniň tagamyna Russiýa Federasiýasynyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we beýleki ýurtlaryň sarp edijileri tarapyndan ýokary baha berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň